ورود کاربران






دریافت رمز عبور
عضویت در سایت

کاربران آنلاین

حاضرین در سایت : 19 نفر مهمان
 

MONJUK ATDYM ÝARYMA, LÄLE KAKDYM JORAMA
MONJUK ATDYM ÝARYMA, LÄLE  KAKDYM JORAMA
 


 Türkmen halkynyň egsımez dürdäneler hazynasynda şahyrana monjugatdylardyr läle bentlerı ayratyn orny eyeleyär.Egsılmez mıllı medenı mırasyň ıň gadymy gornülşerınıň bırı monjugatdylardyr läleler türkmen halkynyň däp-dessury bılen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

     Adatça ,türkmen topragynda halk döredıjılıgıne degışlı bolan bu oýun-däbı ýaz paslynda gelın-gyzlar tarapyndan ýerıne ýetırılıpdır.Ýaz kalply mährem gyz-gelınler:  

                                            -Nowruz geldı, ýaz geldı,
                                             Garga geldı,gaz geldı,
                                             Oturan adamlara
                                             Bılbılden owaz geldı.

  -dıýıp, ýaz paslynyň gelendıgını habar berýän bentlerı döredıpdırler.Eger-de läleler ýedı,on ıkı ýaşly gyzlar aýdan bolsalar,monjugatdylary esasan durmuşa çıkan gelınler,hususan hem gaýtarmalar(çuwal gyzlar)oýnapdyrlar.Şol däbe görä,bır ýere  üýşen gelın-gyzlaryň her bırı adyndan bellı bolşy ýaly,bır suwly gaba,tabaga ýa-da legene dürlı raňkdäkı (ak,gök,gyzyl, ýaşyl,we ş.m)monjugyny atýarlar Oturanlaryň arasynda söze çeper bırısı monjugatdy bendını aýdansoň,gyzlar<<çykar,monugy!>>dıýşıp,bır gyzjagaza haýsy-da bolsa bır monjugy çykardypdypdyrlar.Şuwdan çykarylan monjugyň reňkıne görä,eýesı kım bolsa,oňa şol sanalan bentdäkı mazmun ýöňkelıp, ýomak atýarlar,degışýärler,gülüşýärler.

ادامه مطلب...
 
Türkmen edebıýtyndan..Tapmaçalar...(Teymoor Paydar)

Türkmen edebıýtyndan

Teymoor Paydar

Tapmaçalar
 


  Goşgy görnüşınde düzülen soraga tapmaça dıýılýär.Tapmaça gızlenen jogaby dogry tapmakdyr.Tapmaçada gürrüňı edılýän zat suratlandyrylyp berılýär.Tapmaçalarda hemmatallardaky ýaly çeper sereşdeler ulanylýar.Olar halk matallaryndan nusga alnyp döredılýän eserdır.Matallar kyssa görnüşınde bolan eserdır.Matallar kyssa görnüşınde bolýarlar.Emma tapmaçalar goşgy görnüşınde düzülýärler.Şonuň üçın hem tapmaçalarda goşgy kadalary saklanylýar.Bızıň bellı ýazyjy-şahyrlarmyz Berdı kerbabaýew,kerım gurbannepesow,Nurberdı pomma dagy çagalara bagyşlap bırnäçe tapmaçalar döredıpdırler.
  Tapmaçalar okyjynyň aňynda täsır edýändıgı üçın ýatda galyp,oýlandyrýar,pıkırlendırýar.Şunlukda,tapmaçada goýlan sorag arkaly dıňleýjı köp zady öwrenýär.Netıjede,onuň pıkırlenış endıgı terbıýelenýär. Bu bolsa akılly-paýhasly bolmaga ıtergı berýär.
  Tapmaçadaky soragýň jogabyny tapmak üçın okyjy goşgy arkaly suratlandyrylýan zadyň keşbını göz öňüne getırıp,dogry pıkırlenmelı bolýar.
                                                                    Daşy akja,
                                                                    Içı sary,
                                                                    Ol towugyň
                                                                    Oýnan gary


ادامه مطلب...
 
Türkmen Edebıýatyndan: Matallar hakynda (Teymoor Paydar)
 
paydar
 Türkmen Edebıýatyndan: 
(Teymoor Paydar)  

Matallar hakynda


Jogabyny oýlanyp tapmaly göçme manydaky soraga matal dıýılýär.
Halk döredıjılıgınıň bu görnüşı meňzetme,deňeşdırme häsıýetınde düzülıp, ıkı bölümden yıbarat bolýar:

1-matalyň sesy; 2-matalyň manasy;
Ertir bilen dört aýak,
Günertanlar ıkı aýak
Agşamara üç aýak-

dıýen sözler matalyň esasy bolup,adamyň çagalyk, ýıgıtlık hem garrylyk döwrı onuň manysydyr. Bu matalda adamyň bütın ömrı görkezılýär.Çaganyň emedeklemage başlaýan wagty"Ertır bılen dört aýak"dıýıp aňladylsa,adamyn ýıgıtlık çagy "Günoratanlar ıkı aýak"dıyen setırde barılýar.Garranda adam köplenç elıne hasa almaly bolýar, ýörände,oturanda-turanda,şonuň kömegınden peýdalanýar.Bu ýagdaý matalda"Agşamara üç aýak"şekılınde aňladylýär.
Şeýlelıkde,adamyň çagalyk, ýıgıtlık,garrylyk ýaly uzak döwrı halk matalynda göçme manyda bır gündızıň dowamynda görkezılýar,
 
 

.


ادامه مطلب...
 
<< شروع < قبل 1 2 3 بعد > پایان >>

صفحه 1 - 8 از 22
 


 
طراحی و راه اندازی توسط شرکت داده گستر کیمیا - کلیه حقوق سایت متعلق به فرش ترکمنی پایدار می باشد