|
Annagurban Aşyrow, Türkmenistanyň Milli medeniýet «Miras» merkeziniň başlygy, filologiýa ylymlarynyň doktory
| Mahmyt Zamahşary we Gündogaryň ylmy-edebi galkynyşy Türkmen halky dünýä ylmyna, dünýä medeniýetine uly goşant goşan belli alymlaryň, söz ussatlarynyň onlarçasyny bagyşlady. Biz bu ýerde türkmen topragynda doglup, ýaşap we döredip geçen Muhammet Musa Horezmi, Abu Reýhan Biruni, Abu Abdylla Horezmi, Abu Seýit Mäneýi, Abu Nasyr Faraby, Nejmeddin Kubra, Ysmaýyl Jürjany, Suly, Mahmyt Zamahşary ýaly onlarça meşhur alymlary göz öňünde tutýarys. Emma syýasy sebäplere görä, ykbalyň türkmen halkyny dünýäniň dört künjüne ýaýratmagy bilen baglanyşykly öz topraklaryndan daş düşüp, dünýäniň ýedi yklymyna ýaýran we şol ülkelerde önüp-ösüp, ylmy we çeper döredijiligi bilen meşhurlygyň belent mertebesine ýeten, gelip çykyşy türkmenlerden bolan Mahmyt Kaşgary, Nyzamy Genjewi, Hysrow Dehlewi, Fizuly, Nesimi, Baýram han ýaly beýik şahsyýetlerimiziň sany hem barmak basyp sanardan köpdür. Ýöne, gynançly tarapy, geçen asyrda sowet ideologiýasy türkmen halkynyň taryhyny öz halkyndan, dünýä meşhur alymlaryny öz mirasdüşerlerinden, çeper sözüň ussatlaryny öz muşdaklaryndan ýaşyrmaga çalyşdy we ol belli bir derejede oňa başardypdy. Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygyny jeňsiz-jedelsiz, gykylyk-galmagalsyz, asuda we oýlanyşykly düzülen milli syýasat netijesinde gazanmagy bilen geçmişi öz bolşunda – ajysy-süýjüsi bilen, ýagşysy-ýamany bilen, şöhrat daragtynyň belent münberine çykan alymlaryny ynanç-ygtykady bilen öwrenmeklige, iň esasy bolsa, olary öz mirasdüşerlerine – şu günki türkmen halkyna we dünýäniň çeper söze, ylma sarpa goýýan halklaryna ýetirmeklige uly mümkinçilik döredi. Hut Garaşsyzlygyň netijesinde Hoja Ahmet Ýasawy, Nasreddin Rabguzy, Patyşa Hoja, Ysmaýyl Jürjany, Mäne baba–Abu Seýit, Gaýmaz Türkmen, Hüseýin Baýgara ýaly türkmeniň akyldar-alymlary, şahyr-ýazyjylary öz halkyna – mirasdüşerlerine ýetirildi. Olaryň sylag-sarpasy, abraý-mertebesi öz mynasyp ornunda goýuldy. |