 |
کاربران آنلاین
حاضرین در سایت : 20 نفر مهمان
|
|
|
|
 |
|
Türkmen halylary |
|
|
| | | | | | Türkmen halylary - milletiň kalbyny, onuň gaýtalanmajak talantyny we gadymy taryhyny özünde jemleýän gözelligiň we sazlaşygyň nusgasy bolmak bilen bütin dünýäde ykrar edilendir  | |

 Arheologik barlaglar Türkmenistanyň siwilizasiýanyň gadymy merkezleriniň biridigini tassyklady. Türkmen halylary müňýyllyklardan soň ewolýusiýa arkaly biziň häzirki günlerimize ýetdi. Biziň eramyzdan öňki IV-III müňýyllyklardaky keramikanyň Günorta Türkmenistandaky (Tejen derýasynyň gadymy akymy, Mänedäki Altyndepe, Duşakdaky Ulugdepe) göksüýri görnüşiniň nusgalary öwrenilende bu gadymy keramikanyň köp nagyşlarynyň-haçlaryň, basgançak piramidalaryň, egrem-bugram çyzyklaryň türkmen halylarynyň gölleri bilen doly gabat gelýändigi hakynda netije çykarmaga ýardam berdi. Gadymy ýaşalan ýerlerden gamyş boýralarynyň yzlaryny tapýarlar. Altyndepedäki boýra sapaklaryň utgaşyk çal we gök reňkleriniň yzlaryny galdyrypdyr. Türkmenistanda biziň eramyzdan öňki IV-III müňýyllyklarda dokmaçylygyň we halyçylygyň ösendigine dokma stanogy üçin daşlaryň tapylmagy hem şaýatlyk edýär. Gadymy döwürlerde esasy nagyş ugruny işläp taýýarlan, alty müň ýyl mundan öňki örme we dokma önümleri özüniň basgançak motiwi bilen salyr haly göllerine meňzeş gadymy nagyşly keramikanyň ösmeginde esasy rol oýnadylar. Häzirki zaman halyçylarynda halynyň arka sapaklaryny gyrkmak üçin edil şonuň ýaly, has takygy, demir pyçak – keser giňden ulanylýar. Biziň eramyzdan öňki II müňýyllygyň soňky asyrlarynda halyçylar guralyň işlenip taýýarlanan görnüşini – haly pyçagyny ulanypdyrlar. XIII ýüzýyllykda türkmen halylaryna degişli hat üsti bilen ýazylan habarlar ýaýrap başlaýar. Kiçi Aziýa syýahat eden belli italýan syýahatçysy Marko Polo (XIII asyr) türkmenleriň şol döwürdäki halylary hakynda “dünýäde iň inçe we owadan” diýip buýsançly ýazypdyr. Halyçylyk sungaty türkmenler tarapyndan Ýakyn Gündogara ýaýradylypdyr, ol taýdan bolsa, Ibn Saidiň sözlerine görä, türkmenler ajaýyp halylary dürli ýurtlara iberipdirler. K.J. Lamm tarapyndan Forstatda (Müsür) tapylan halylar XIV-XV asyrlardaky türkmen-osman sungatynyň ajaýyp nusgalarydyr, olaryň nagyşlarynda çowdur “göli” bilen meňzeşligi görýärler. Häzirki wagtda olar Stokgolmyň Milli muzeýinde, şeýle hem Kairiň we Afinynyň muzeýlerinde goýuldy. Türkmen halylarynyň nagyşlaryny Timuridler eýýamynyň pars miniatýuralarynda-da görmek bolýar. Olar öz halylary bilen şöhrata eýe bolan Persiýanyň özünde-de iň gowulary hasaplanypdyr. Halk sungatynyň ähli görnüşleriniň arasynda iň uly orny türkmen halylary eýeleýär. Daşyndan birmeňzeş ýaly görünse-de, halyçylykda aýratyn tehniki usullar we nagyşlaryň sazlaşygy ýüze çykýar, ol türkmenler üçin umumy milli stili, şeýle hem aýry-aýry etniki toparlaryň tapawutlanýan stiliniň özboluşly aýratynlyklaryny häsiýetlendirýär. Güýçli çeper we duýgy çuňlugyna eýe bolan türkmen halyçylyk sungaty beýik siwilizasiýalaryň ajaýyp nusgalaryna degişlidir we onuň kesgitlenen esaslary hem-de içerki düzgünleri bardyr.  Türkmen halysynyň muzeýiniň kolleksiýasynda haly sungatynyň gymmatly gadymy nusgalary bardyr. 2001-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygynyň hormatyna türkmen halyçylarynyň 40-sy sekiz aýyň dowamynda Baharlydaky çeperçilik haly kärhanasynda “Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Altyn Asyry” atly täsin äpet halyny dokadylar. Bu täsin ahalteke halysynyň meýdany 301 inedördül metr (beýikligi 14 metr, ini 21,5 metr), agramy 1200 kg bolup, ol dünýäde elde dokalan iň uly haly hökmünde Ginnesiň Dünýä Rekordlary kitabyna girdi.  “Pendi göl” teke halysy, ölçegi: 2.0. x 3.0 = 6 inedördül metr, dykyzlygy - 304 müň çitim. | Bu gün milli dokmaçylygyň ýokary önümçilik däpleri aýawly berjaý edilýär we “Türkmenhaly” Döwlet paýdarlar korporasiýasynyň çeperçilik haly kärhanalarynda ösdürilýär. Ol kärhanalaryň we guramalaryň 20-sini özüne birleşdirip, olaryň bütin ýurt boýunça düzüm birlikleriniň 100-den gowragy bardyr. Olar umumy wezipäni, däpleri aýap saklamakda türkmen halysynyň aňrybaş abraýyny, onuň eksport mümkinçiliklerini saklamak ýaly wezipäni çözmekde el-ele berip işleýärler.
Ähli kärhanalaryň işi haly önümçiliginiň bütin zynjyry boýunça nusgawy tehnologiýalaryny saklamaga gönükdirilendir. Kärhanalarda ahalteke, teke, pendi, ýomut, çowdur, beşir (gyzylaýak, kerki) toparlary boýunça el işiniň ýüňden edilen haly önümleri işlenip çykarylýar. Her inedördül metr üçin halynyň dykyzlygy 240 müňden 500 müň çitime çenli üýtgeýär | | Türkmen halyçylarynyň ýokary ussatlygy halkara derejesinde ykrar edildi. “Türkmenhaly” Döwlet paýdarlar korporasiýasyna berlen dürli görnüşli ýokary halkara sylaglary munuň aýdyň subutnamasydyr hem-de munuň özi geçen asyrlaryň täsin haly önümleri bilen deňeşdirilende häzirki zaman türkmen halylarynyň ýokary hillidiginiň we ajaýypdygynyň halkara ykrar edilmesidir. Türkmenistan gadymy döwürlerden bäri çeperçilik taýdan ajaýyp haly eserlerini döredýän hem-de häzirki wagtda egsilmez döredijilik başlangyjyna maýyl edýän, tehniki taýdan ýerine ýetirmegiň deňsiz-taýsyz kämilleşýän öz ussatlary bilen şöhratlanýar. | “Bäş aý beşir” ärsary halysy, ölçegi: 2.0. x 3.0 = 6 inedördül metr, dykyzlygy - 200 müň çitim. | “Wazzyk göl” çowdur halysy, ölçegi: 1.25. x 2.0 = 2.5 inedördül metr, dykyzlygy - 240 müň çitim. | Görnüşleriň aýdyň logikasy, özboluşlulygy, kompozisiýalaryň birsydyrgyn deňagramlylygy, reňk aňladyjylygy, nagyşlaryň tebigy sazlaşygy dünýäniň gözellik taglymyny özünde jemleýän türkmen halysynyň gaýtalanmajak güýjüni düzýär. Sap ýüpekden öndürilen haly önümleri özüniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Ýurduň köp sanly çeperçilik haly kärhanalary olary öndürip başladylar. Bular haly we palas halyçalary, torbalar, telefonlaryň aşagyna goýulýan halyçalar, gapjyklar ýaly sowgatlyk önümleridir. Geometrik nagşyň pugtalygy we takyklygy nagyşlaryň gözelligi bilen utgaşýar. Ýüpek halylarynyň arka tarapy gaýtalanmajak ýylmanak bolup, nagyşlaryň aralary bolsa tekizdir. Türkmenlerde ýüpek sapaklaryndan edilen haly dokamagyň däpleri örän juwandyr, ýöne kärhanalarda dokalan köp nusgalaryň kemsiz-kössüz ýerine ýetirilendigini bellemek gerek. Gyrkylandan soň ýüpek şekilli ýüň gysga bolýar, şoňa görä-de, şekiliň yzlary örän takyk bolýar. Käbir halylary ýuwýarlar, ýöne olary arassaçylyk maksatlary üçin däl-de, eýsem reňkiniň pugtalygyny barlamak üçin ýuwýarlar. | | Ýüpek önümleri döredilende ussalar örän täze we baý reňk toplumyny: gyzylymtyl-goňur, gyzyl, goňur, pisse, limon we gök, ýaşyl, sary ýaly goşmaça reňklerden peýdalanypdyrlar. “Ciba” firmasynyň şweýsar boýagçylary tarapyndan boýalan mahalynda täze açyk we doýgun reňkler alyndy. Ajaýyp sungatyň ussatlary umumyadamzat taryhynda we medeniýetinde mynasyp orny eýeleýän ajaýyp halyçylyk sungatyny öwrenmek boýunça ägirt uly iş etdiler, olar tas ýitip giden gadymy nagyşlary dikeldýärler, haly dokamagyň ýatdan çykarylan syrlaryny açýarlar, bu özboluşly sungatyň däplerini dowam etdirýärler. | “Dyrnak göl” ýomut halysy, ölçegi: 1.82. x 2.75 = 5 inedördül metr, dykyzlygy - 240 müň çitim. | “Guşly göl” ahalteke halysy, ölçegi: 1.82. x 2.75 = 5 inedördül metr, dykyzlygy - 340 müň çitim. | Türkmen halylarynyň abraýly halkara sergilerinde mynasyp bolan köp sanly sylaglary türkmen zenanlarynyň döredijilikli zähmetine berlen ýokary bahadyr. Türkmen halylaryny barlaýjylar we suratkeşler türkmen halysyny meşhur etmek, onuň bütindünýä şöhratyny dikeltmek boýunça ägirt uly iş geçirýärler. Kärhanalarda uly ölçeglerdäki nagyşly halylar, otaglar üçin önümler, haly tutulary, horjunlar, dogajyklar, zenan horjunlary, namazlyklar, gapjyklar, daşlyklar, haltajyklar dokalýar. Žiwopis önümlerini-peýzažlary, sýujet-tematiki we portret halylary öndürmäge uly ähmiýet berilýär. Olaryň daşarky bazardaky satuwlaryny guramak hem-de mynasyp wagyz etmek üçin tagalla edilýär. Häzirki zaman ussatlary köp asyrlaryň dowamynda döredilen ähli ajaýyplyklary aýawly saklap galmak bilen, täze görnüşleri we çeperçilik serişdeleriniň gözlegini dowam etdirýärler. Olar peýzaž, portret nagyş önümleriniň täze görnüşleriniň onlarçasyny önümçilige ornaşdyrýarlar, gadymy nagyşlary dikeldýärler we täze tehniki usullary işläp taýýarlaýarlar. | | Haly önümleriniň bölek söwdasy “Türkmenhaly” Döwlet paýdarlar korporasiýasynyň firma dükanlary arkaly manatdaky tölegler bilen geçirilýär. Dükandan önüm satyn alanda müşderä önümiň hilini we Türkmenistanyň çäkleriniň daşyna paçsyz çykarylmagyny kepillendirýän güwänama berilýär. Daşary ýurtly raýatlar üçin bu dükanlarda “Tax Free” ulgamynyň tertibi hereket edýär. | “Gabsa göl” ýomut halysy, ölçegi: 1.25. x 2.0 = 2.5 inedördül metr, dykyzlygy - 240 müň çitim. | “Ýaprak beşir” ärsary halysy, ölçegi: 2.0. x 3.0 = 6 inedördül metr, dykyzlygy - 200 müň çitim. | “Türkmenhaly” harytşynaslyk merkezi haly önümlerini satmak bilen meşgullanýar. Onuň Ýewropa, Aziýa, Amerika we beýleki ýurtlar bilen söwdada köp ýyllyk tejribesi bardyr. Söwda lomaý we bölek satuwda amala aşyrylýar.
| Köklerini gadymy eýýamlardan alyp gaýdýan türkmen halyçylyk sungaty dünýäniň medeni mirasynda mynasyp orun aldy. Şu günki güne çenli türkmen halyçy zenanlarynyň dokan halylary dünýäniň ähli künjeklerinde haýran galdyryp, uly isleg bildirilip alynýar. Türkmenistanyň medeni mirasyny aýawly saklamak maksady bilen Türkmenistanda “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasy döredildi, onuň ýurduň ähli sebitlerinde öz kärhanalary bolup, olarda öz söwda ulgamynyň üsti bilen ýerlenilýän ýokary hilli önümleriň çykarylmagy üpjün edilýär: - “Türkmenhaly” harytşynaslyk merkezi
Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 48-nji jaýy (+993 12) 35-54-34 - “Türkmen halylary” dükany
Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 110-njy jaýy (+993 12) 39-16-67 - “Haly” dükany
Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 5-nji jaýy (+993 12) 35-25-50 - “Altyn göl” dükany
Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 77-nji jaýy “Altyn asyr” söwda merkezi (+993 12) 39 21 56 “Türkmenhaly” Döwlet paýdarlar korporasiýasynyň dükanlar ulgamyndan satyn alnan el halylary we haly önümleri üçin Türkmenistanyň çäklerinden daşary paç tölemän çykarmak üçin güwänama berilýär. |
|
|
|
 |
|