ورود کاربران






دریافت رمز عبور
عضویت در سایت

کاربران آنلاین

حاضرین در سایت : 10 نفر مهمان
 

Mahmyt Zamahşary we Gündogaryň ylmy-edebi galkynyşy چاپ ارسال به دوست

Annagurban Aşyrow,

Türkmenistanyň Milli medeniýet «Miras» merkeziniň başlygy, filologiýa ylymlarynyň doktory

 

Mahmyt Zamahşary we Gündogaryň ylmy-edebi galkynyşy

 

shahyr2.jpgTürkmen halky dünýä ylmyna, dünýä medeniýetine uly goşant goşan belli alymlaryň, söz ussatlarynyň onlarçasyny bagyşlady.  Biz bu ýerde türkmen topragynda doglup, ýaşap we döredip geçen Muhammet Musa Horezmi, Abu Reýhan Biruni, Abu Abdylla Horezmi, Abu Seýit Mäneýi, Abu Nasyr Faraby, Nejmeddin Kubra, Ysmaýyl Jürjany, Suly, Mahmyt Zamahşary ýaly onlarça meşhur alymlary göz öňünde tutýarys. Emma syýasy sebäplere görä, ykbalyň türkmen halkyny  dünýäniň dört künjüne ýaýratmagy bilen baglanyşykly öz topraklaryndan daş düşüp, dünýäniň ýedi yklymyna ýaýran we şol ülkelerde önüp-ösüp, ylmy we çeper döredijiligi bilen meşhurlygyň belent mertebesine ýeten, gelip çykyşy türkmenlerden bolan Mahmyt Kaşgary, Nyzamy Genjewi, Hysrow Dehlewi, Fizuly, Nesimi, Baýram han ýaly beýik şahsyýetlerimiziň sany hem barmak basyp sanardan köpdür. Ýöne, gynançly tarapy, geçen asyrda sowet ideologiýasy türkmen halkynyň taryhyny öz halkyndan, dünýä meşhur alymlaryny öz mirasdüşerlerinden, çeper sözüň ussatlaryny öz muşdaklaryndan ýaşyrmaga çalyşdy we ol belli bir derejede oňa başardypdy. Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygyny jeňsiz-jedelsiz, gykylyk-galmagalsyz, asuda we oýlanyşykly düzülen milli syýasat netijesinde gazanmagy bilen geçmişi öz bolşunda – ajysy-süýjüsi bilen, ýagşysy-ýamany bilen, şöhrat daragtynyň belent münberine çykan alymlaryny ynanç-ygtykady bilen öwrenmeklige, iň esasy bolsa, olary öz mirasdüşerlerine – şu günki türkmen halkyna we dünýäniň çeper söze, ylma sarpa goýýan halklaryna ýetirmeklige uly mümkinçilik döredi. Hut Garaşsyzlygyň netijesinde Hoja Ahmet Ýasawy, Nasreddin Rabguzy, Patyşa Hoja, Ysmaýyl Jürjany, Mäne baba–Abu Seýit, Gaýmaz Türkmen, Hüseýin Baýgara ýaly türkmeniň akyldar-alymlary,  şahyr-ýazyjylary öz halkyna – mirasdüşerlerine ýetirildi. Olaryň sylag-sarpasy, abraý-mertebesi öz mynasyp ornunda goýuldy.

Zamahşarynyň ömri we döredijiligi barasyndaky maglumatlar ilkinji nobatda onuň biziň günlerimize gelip ýeten ylmy we edebi eserlerinde, şeýle hem alymyň döwürdeşleriniň, şägirtleriniň we ondan soňraky döwürlerde ýaşap geçen gündogar taryhçylarynyň galdyran miraslarynda gabat gelýär. Biz bu ýerde öňi bilen Samany, Ibn Hallikan, Ibn Anbaryý, Ýakut Hamawy, Ibn Kiftiý, Ibn Esir, Ibn Jöwzi we beýleki ýazarlaryň işlerini göz öňünde tutýarys. Şu we beýleki çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, dünýä ylmynyň taryhynda Horezmiň guwanjy, Allanyň goňşusy, Allama – ýagny, köp ugurly alym ýaly abraýly lakamlary göteren Abylkasym Mahmyt ibn Omar ibn Muhammet 1075-nji ýylyň Nowruz aýynyň 19-na, Çarşenbe-Hoşgüni gadymy türkmen topragynyň uly Zamahşar obasynda – häzirki Yzmykşirde dünýä inýär. Zamahşary Mekgede ýaşan mahaly öz şägirdi Şyhabeddin Ahmede ýazan hatynda: –Men Mahmyt ibn Omar ibn Muhammet ibn Ahmet al-Horezmi, ýagny Zamahşarydyryn, Horezmiň bir obasyndan. Zamahşary meniň doglan ýurdumdyr – diýip, öz ata-babalary we doglan obasy hakynda takyk maglumaty beripdir.

 

Zamahşary başlangyç sowady kakasyndan alypdyr. Metjidiň ymamy bolan Omar öz ogluna okap-ýazmagy öwredýär. Ol takwa, dini-ygtykadyna mäkäm, arassa ahlakly bir adam bolupdyr. Maglumatlara görä, Omaryň ojagy köpçagaly türkmen maşgalasy bolup, ol öz güzeranyny özi dolandyrýan, ýöne ýeterlik baýlygy bolmadyk bir adam bolupdyr. Hut şonuň üçin hem, ýagny durmuş güzerany pes bolanlygy üçin öz obasyndaky metjitde ymamlyk edýän Omar ilki aşa zehinli ogly Mahmydy ylymly-bilimli, sowatly adam edip ýetişdirmegi göz öňünde tutan hem bolsa, soňra eklenç zerarly ogluny tikinçä şägirt edip bermegi niýet edinýär. Ýöne, ylma teşne Mahmyda kakasyny yrmaklyk başardýar we ol kämil bilim almak üçin Horezmşalar döwletiniň paýtagtyna – Ürgenje, häzirki Köneürgenje okuwa gaýdýar.

 

Zamahşarynyň kakasy näbelli sebäplere görä, Mueýedilmülk tarapyndan tussag edilipdir. Bu ýesirligiň Omaryň dini garaýyşlary bilen baglanyşyklydygy çaklanylýar. Çünki, Zamah-şarynyň bütin maşgalasy mugtezile akymyna eýeripdir. Bu wakanyň takyk wagty hem belli däl. Ýöne Nyzamylmülküň ogly Mueýedilmülk 1101-nji ýylda öldürilendigini göz öňünde tutsak, onda bu wakanyň XI asyryň ahyrlarynda ýüze çykandygyny çaklamak mümkin.

 

Zamahşarynyň ejesi hem hudaýhon, takwa, pespäl, ýüregi ýuwka bir aýal bolupdyr. Zamahşary öz ýatlamasynda bir serçäni tutup, aýagyna ýüp daňyşy we onuň diwaryň jaýrygyna sümüşi we ýaş Mahmydyň ýüpi çekip, onuň aýagyny sogruşy hakynda ýazypdyr. Bu wakanyň üstünden gelen, aýagy üzülen serçä ýüregi awan ejesi öz ogluna: – Seniň şu serçäniň aýagyny üzüşiň ýaly, Alla seniň hem aýagyňy üzsün – diýip gargaýar. Zamahşary barada ýazan alymlaryň käbiri, hakykatdan hem soňra Zamahşarynyň bir aýagynyň kesilmegini onuň enesiniň gargyşy bilen baglanyşdyrýarlar.

 

Her hal bir ýagdaý aýan, ol hem Zamahşary arassa ahlakly, takwa, ynsaby ýörelgesi bolan maşgalada ösüp ýetişipdir.

 

Zamahşarynyň ýaşlyk döwri seljuk-türkmen nesilşalygynyň döwrüne gabat gelip, ol wagt yslam älemine Alp Arslanyň ogly Mälik şa hökümdarlyk edýärdi. Mälik şanyň hökümdarlyk eden ýyllarynda (1072-1092) döwletiň paýtagty Mary, has takygy Mälik şanyň köşgi döwrüniň meşhur alymlarynyň we şahyrlarynyň jemlenen ýeri bolupdyr. Seljuk-türkmen döwleti edil Samanly, Gaznaly-türkmen soltanlygy ýaly ylmyň, medeniýetiň hossar-howandarlary bolupdyr. Mälik şa hem beýleki türkmen soltanlarynyň däbine eýerip ylma, bilime, medeniýete we sungata aýratyn sarpa goýupdyr. Yslam medeniýetiniň taryhynda hut şu döwürlerde, ýagny, seljuk-türkmen nesilşalygy döwürlerinde, ilkinji ýokary okuw jaýlary – medreseler uç-gyraksyz soltanlygyň dürli ýerlerinde peýda bolup başlady.

 

Seljuk-türkmen soltanlygynyň demirgazyk welaýaty bolan Horezm, aýratyn hem onuň paýtagty Ürgenç samanlylar patyşalygy ýykylandan soň güýçli depgin bilen ösüp başlaýar we ol ylym- bilimiň janköýeri Mamun ibn Mamunyň döwründe (999-1016) güýçli medeni merkeze öwrülýär. Gadymy Ürgençde yslam dünýäsinde ilkinji iri ylmy merkez – Mamunyň akademiýasy döreýär.

 

XI asyrda Horezm dürli syýasy wakalaryň jümmüşinde bolupdyr. Asyryň başlarynda ol syýasy garaşsyzlygy gazanan hem bolsa, eýýäm, 1017-nji ýylda Gaznaly-türkmen döwletiniň soltany  Mahmyt Gaznaly Horezmi öz tabynlygyna girizýär. Syýasy kartada seljuk-türkmen şadöwletiniň döremegi bilen Horezm onuň tabynlygyna girýär.  Seljuk türkmen nesilşalygynyň 1043-nji ýylda Horezmi boýun egdirmegi bilen hem bu welaýatyň ylym we medeniýet babatdaky şöhraty egsilmeýär. Şol döwürlerde Buhara dini ylymlaryň merkezi hasaplansa, Ürgenç takyk we ynsanperwer ylymlaryň ojagy hasaplanypdyr. Hut şonuň üçin hem Mahmyt Zamahşary başlangyç bilimi atasynyň elinde alansoň, Ürgenç sary rowan bolýar. Güzeranyny zordan dolandyrýan kakasyna agram salmazlyk üçin Zamahşary Ürgençde hem okaýar hem-de tebigy zehini we owadan haty arkaly öz durmuşyny dolandyrýar. Zamahşary Ürgençde birnäçe ýyl okanyndan soň, öz bilimini artdyrmak üçin Buhara gidýär. Buharada okuwyny tamamlanyndan soňra Ürgenje gelip, Horezm şalarynyň köşgünde dürli wezipelerde işläpdir. Ýöne ol işlerden göwni suw içmänsoň, seljuk-türkmen şadöwletiniň paýtagty Mara – belli wezir Nyzamylmülkiň huzuryna gelýär. Ýöne ondan hem garaşýan tamasy çykmanyndan soň, dürli ýurtlara syýahat edýär. Dürli derejedäki hökümdarlar bilen duşuşýar. Ol seljuk-türkmen soltany Soltan Sanjara bagyşlap ýörite kasyda ýazyp, soltanyň adalatyny we adamkärçiligini şeýle wasp edýär:

 

Halkym diýip gider ünjä, mylaýym  dili süýjüdir,

Tanasaňyz Soltan Sanjar şalar içiniň  täjidir.

 

Zamahşary musulman ýurtlarynyň dürli ýerlerinde, şol sanda Mekgede hem iki sapar bolanyndan soň, öz watanyna – Horezme dolanýar we 1144-nji ýylyň Oguz aýynyň 14-ne, arafa gijesi, ýagny gurbanlyk gijesi aradan çykýar.

 

Zamahşary bütin ömrüni okuw-kämillik bilen geçiripdir. Çeşmelerde onuň esasy halypalary hökmünde Abu Mudar, Abu Bekr Abdylla, Abu Mansur, Abu Aly Hasan ýaly döwrüniň meşhur alymlary ýatlanýar. Ylym dünýäsinde kämillik derejesine ýeten Zamahşary öz bilimini şägirtlerine öwretmekde hem zähmetini gaýgyrmandyr. Onuň diňe bir Horezmde däl, dünýäniň dürli ýurtlarynda hem şägirtleri bolupdyr. Olar hem halypalarynyň ýoluny dowam etdirip, ylymda yz galdyrypdyrlar. Biz bu ýerde Abylhasan Aly ibn Muhammet, Muhammet ibn Abylkasym, Abu Ýusup Ýakup ibn Aly ýaly onlarça Zamahşarynyň şägirtlerini göz öňünde tutýarys. Olaryň her biri Zamahşarynyň mynasyp şägirtleri hökmünde ylma öz goşantlaryny goşupdyrlar.

 

Zamahşary ylmy jemgyýetçilikde perzent aladasy, güzeran-eklenç aladalary meniň köp wagtymy alar diýip, garyndaş-hossarlarynyň töwella-tagsyrlaryna garaman, ömrüni müjerret – öýlenmän geçiren we bütin durky bilen ylma we çeper döredijilige berlen meşhur şahs hökmünde tanalýar.

 

Häzirki hasaplamalara görä, Zamahşarynyň döreden eserleriniň sany 60 töweregi. Olar dini ylymlar (hadys, tefsir, kelam, we ş.m.), dil (grammatika, leksikografiýa), edebiýat, mantyk (logika), geografiýa ýaly ylmyň dürli pudaklaryna degişli bolup, Zamahşarynyň köpugurly-ensiklopedist alymdygyna güwä geçýärler. Gynansak hem, meşhur alymyň döreden ylmy we çeper eserleriniň hemmesi biziň günlerimize doly gelip ýetmändir ýa-da ýüze çykarylanok. Soňky döwrüň maglumatlaryna görä, alymyň 22 töweregi eseri dünýäniň dürli dillerinde çap edilipdir. Edil şonçarak eserleriniň hem atlary dürli taryhy çeşmelerde gabat gelse-de, häzire çenli olaryň üsti açylanok. Mümkin, olaryň belli bir bölegi, dürli syýasy ýagdaýlar sebäpli ýitip gidendir. Belki-de, entek öwrenilmedik golýazma hazynalaryndan olary, edil şunuň ýaly-da ylma ady näbelli täze eserlerini ýüze çykarmak Zamahşaryny öwreniji alymlara miýesser eder. Dürli golýazma hazynalarynda hem alymyň 10 töweregi eseri özüniň yhlasly derňewçilerine garaşýar.

 

Elbetde, meşhur alymyň dürli ugurlaryndaky ähli ylmy işleri hem şu günki gün hem ähmiýetini ýitirenok. Ýöne, Zamahşary diýlende ilki bilen onuň adyny dünýä meşhur eden «Keşşaf» («Açyklama»), «Mufassal», «Mukaddymatyl edep», «Esasyl-belaga» («Dilewarlygyň esaslary») ýaly ylmy kitaplary, şeýle-de şygyrlar «Diwany» göz öňüne gelýär.

 

Zamahşarynyň döwründe arap dili ylmyň dili hasaplanypdyr. Türkmen alymy Zamahşary bolsa diňe bir döwrüň talabyna eýerip, arap dilini kämil bilmek bilen çäklenmän, eýsem onuň nazary we amaly meseleleri babatynda dünýä meşhur işleri döredipdir. Arap dilini öwrenýän alymlaryň ýazmaklaryna görä alymyň «Al mufassal fi sanatil ygrap» eseri (gysgaça «Mufassal») arap diliniň grammatikasy boýunça düýpden täze usul boýunça ýazylan, ýagny arap diliniň grammatikasyny söz toparlaryna bölmek esasynda derňeýän ylmy derňewdir.

 

Zamahşarynyň bu eseriniň häzirki döwürde hem ýokary okuw jaýlarynda okadylmagy onuň ylmy gymmatyny görkezýär. Nemes gündogarşynasy Brokkelmanyň hasaplamalaryna görä «Mufassala» 30 töweregi şerh-düşündirişler ýazylypdyr. Yslam äleminde Zamahşara aýratyn şöhrat getiren eseri «Keşşafdyr». Alymyň bu eseri boýunça sapak berýän eýran alymy doktor Ahmet Ahmedi «Keşşafy» dürli bilimler hakyndaky çuň mazmunly eser hasaplaýar.

 

Alym «Dilewarlygyň esaslary» atly eserinde diňe bir arap diliniň  nusgawy hazynasynyň söz düzümini doly aýdyňlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem bu meselä çemeleşmegiň özboluşly usulyny hem esaslandyrýar. Zamahşary «Mukaddymatyl-edep» eserini Horezmiň şasy Atsyza bagyşlapdyr. Bu kitap arap dilini öwrenijilere niýetlenipdir. Eseriň asyl metini arap dilinde. Nusgalarda türkmençe we parsça terjimeleri hem gabat gelýär.                                           

 

Mahmyt Zamahşary ylmy döredijilikden başga-da, çeper döredijilikde hem öz sözüni aýdan meşhur söz ussatlarynyň hatarynda tanalýar. Onuň «Rabygul ebrar we nususyl ahbar» («Ýagşyzadalaryň bahary we habarlaryň beýany») atly eseri kyssa bilen şygryň utgaşdyrylyp ýazylan we türkmen edebiýatynda dessanlaryň ösüşine täsirini ýetiren ajaýyp eserdir. Bu eserde meşhur türkmen alymlary Abdylla ibn Mübärek, Abubekr Horezmi, Abu Abdylla Merwezi ýaly birnäçe meşhur şahslaryň aýdan parasatly sözleri hem getirilýär. Zamahşarynyň bu eseri «Ýagşyzadalaryň bahary» ady bilen ilkinji gezek türkmen diline terjime edildi we 6 jilt görnüşinde halka hödürlendi. Zamahşarynyň «Etwakyl zehep» («Altyn halkalar») we «Nowabygyl kelim» («Parasatly sözler») eserleri hem dürli öwüt-nesihat beriji kyssalardan düzülen ajaýyp çemendir.

 

Zamahşarynyň çeper döredijiligi barada gürrüň edilende onuň bir şygyrlar «Diwanynyň» hem mälimdigini aýtmak gerek. Bu «Diwan» Zamahşarynyň şahsy durmuşyny öwrenmekde käbir ygtybarly maglumatlary bermek bilen birlikde, onuň ruhy dünýäsine – köňül köşgüne aralaşmagyň altyn açaryny berýär:

 

Meniň kalbymda süýji sözden,söýgüden başga zat ýokdur

 – diýýän şahyr, mahal-mahal gussanyň gara donuna bürenip, dogduk diýaryny – Horezmi küýseýär:

 

Telwas eder saňa sary, bagtyýardyr küýsän seni,

Horezm – gözümiň nury, ýüregim küýseýär seni.

 

Horezmiň çygly topragy, datly suwy Zamahşarynyň baş arzuwyna öwrülýär.

 

Ynan, oda düşýän, diňe, Watan küýseýär bu ýürek.

 

Şahyryň şygyrlarynda onuň şahsy durmuşyndaky käbir şowsuzlyklar, öýke-kineler hem öz möhürini goýupdyr. Çeşmelerde zehini daş ýarýan Zamahşarynyň Ürgençde-de, Maryda-da käbir derejeli adamlardan eden tamasy çykmandan soň, uzak ülkelere, ýat illere syýahata gidendigi bellenilýär. Megerem şahyryň:

 

Yhlasym gözledim külden, türklere ýumdum gözümi.

Wah, olaryň dillerinden, tapmarsyň «wepa» sözüni

 

– diýen setirleri şol öýke-kinäniň netijesidir. Şöhrat, wezipe ýa-da wezipe bilen gazanylýan wagtlaýyn «abraý» küýseýän şahyr, garaşýan umydy çykman, tamasy tala daňylansoň Ürgenji, Maryny, asyl-ha tutuş türkmen topragyny taşlap, köňle kine baglap ýollara rowana bolupdyr. Kalbyň haýsydyr bir künjünde juda gizlin galan kine şinesi Mekgede duýgular deňzini gulaçlap ýüzýän akyldaryň küregine ilişýär.

 

Zamahşarynyň şygyrlar «Diwany» bilen tanşan islendik adam onuň ruhy dünýäsine aralaşyp, Zamahşaryny has gowy tanaýar. Onuň bilen syrdaş, hemsöhbet bolýar. Zamahşary bolsa oňa öz dünýäsini açýar.

 

Arap dil bilimi we edebiýaty ylmynda uly meşhurlyk gazanan we «araplaryň we arap dilleriň ussady – mugallymy» diýen hormatly ady göteren Mahmyt Zamahşarynyň döredijiligi orta asyr ylmynyň we medeniýetiniň gazanan ajaýyp üstünligidir. Bu barada başga bir meşhur türkmen şahyry Reşideddin Watwat Zamahşara ýazan hatynda şeýle diýýär: «Bu hat Horezmiň buýsanjy, alym, ymam Mahmyt ibn Omar Zamahşara ýazyldy. Men şu diýarda we şeýle beýik adamyň watanynda ýaşaýandygyma örän begenýärin. Bu adam din we ylym üçin eden işleri bilen Allatagala ýakyn adamlaryň biri boldy. Goý, onuň ömri uzak, işi rowaç, mertebesi belent bolsun! Ol adamyň elinden hasasy gaçanda, hasasyny ýerden galdyryp bereniň iki dünýäsi hem abat bolar we ol kalbyna düwen maksadyna ýeter…... Onuň abraýy onuň ömründen has uzak ýaşar. Bu Allatagala ýakyn ynsanyň eden haýyr işleriniň we ýazan kitaplarynyň sany-sajagy ýokdur». Meşhur türkmen şahyry Reşideddin Watwatyň welilik bilen aýdyşy ýaly, onuň ylmy we çeper döredijiligi onuň ömründen has uzak bolup, indi tas müň ýyla basalyk özüniň ähmiýetini ýitirmän, halka hyzmat edip gelýär

 
< بعد   قبل >
 


 
طراحی و راه اندازی توسط شرکت داده گستر کیمیا - کلیه حقوق سایت متعلق به فرش ترکمنی پایدار می باشد