ورود کاربران






دریافت رمز عبور
عضویت در سایت

کاربران آنلاین

 

«Özgeriş ülkesi — türkmen ýaýlasy» چاپ ارسال به دوست
Türkmenistanda dünýä türkmenleriniň «Özgeriş ülkesi — türkmen ýaýlasy» atly Halkara festiwaly açyldy

Düýn Ahalyň gadymy topragynda dünýä türkmenleriniň «Özgeriş ülkesi — türkmen ýaýlasy» atly halkara festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu şanly baýramçylyk täze aýdyň öwüşginleri we aýratyn keýpiçaglygy eçilip, ýurdumyzyň jemgyýetçilik we medeni durmuşynda ähmiýetli waka boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan halkara forumy türkmen halkynyň öçmejek ruhy däpleriniň baýdagy astynda birleşmek ideýasynyň aýdyň beýany boldy. Festiwalyň geçirilmegi türkmen döwletiniň Baştutanynyň milletimizi jebisleşdirmäge, onuň özboluşly medeni mirasyny gaýtadan dikeltmäge we bütin dünýäde giňden wagyz etmäge gönükdirilen ýadawsyz döredijilikli işine şaýatlyk edýär

 


                                                        .

Biziň ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda we onuň çäklerinden has uzakda ýaşaýan türkmen maşgalalarynyň eýýäm ikinji gezek geçirilýän «Özgeriş ülkesi — türkmen ýaýlasy» atly festiwala gatnaşyjylar bolandygyny ýatlap geçmeli. «Maşgala temasy» parahatçylygyň, dünýäniň halklarynyň dostlugynyň, doganlygynyň, ylalaşygynyň we özara düşünişmeginiň senasy bolan festiwalyň baş ideýasynyň düýp mazmunydyr. Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýeden, Eýrandan, Owganystandan, Täjigistandan, Özbegistandan biziň doganlarymyzyň maşgalalary, şeýle hem ýurdumyzyň ähli bäş welaýatyndan maşgalalar Aşgabada geldiler. Olaryň arasynda ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlary we urp-adatlary saklap gelýän hem-de ösdürýän birnäçe nesilleriň wekilleri bar. Halkara festiwalyny Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi, Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi hem-de Ahal welaýatynyň häkimligi geçirýär.

Ir bilen «Özgeriş ülkesi — türkmen ýaýlasy» atly halkara festiwalyna gatnaşyjylar Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Soňra bolsa baýramçylyk «kerweni» Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna tarap ugrady. Şol ýerde Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde türkmen obasy guruldy.

Bahar lybasyny geýnen bu jülge hakyky baýramçylyk keşbine giripdir. Hemme ýerde festiwalyň nyşanlary, owadan howa şarlary, daşary ýurtly doganlarymyza gutlaglar ýazylan transporantlar asylyp goýlupdyr. Türkmenistanyň döwlet baýdaklary we BMG-niň agzalary bolan döwletleriň ählisiniň baýdaklary, Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň parahatçylygy üpjün ediji syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň alamaty hökmünde sergin şemala pasyrdaýar.

Owadan milli lybasdaky gyzlar myhmanlara milli tagamlarymyzy hödürleýärler. Paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň döredijilik toparlarynyň, meşhur estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp mukamlar we aýdymlar ýaňlanýar, göçgünli tanslar oýnalýar. Owadan ahalteke bedewlerinde edermen jigitleriň çykyşlary baýramçylyga aýratyn öwüşgin berýär. Milli türkmen saz gurallarynyň hoş owazy astynda, aýdymlar we tanslar bilen aýdyň festiwal ýörişi geçýär. Köp görnüşli, köp owazly, mähre we şatlyga ýugrulan baýramçylyk oňa gatnaşyjylaryň hem-de köp sanly myhmanlaryň kalbyny gurşap alýar.

Hormatly ýaşulular, welaýatyň ýolbaşçylary, jemgyýetçiligiň wekilleri mukaddes myhmansöýerlik däplerine laýyklykda festiwala gatnaşyjylary we onuň myhmanlaryny duz-çörek bilen garşylaýarlar. Foruma gatnaşyjylar we myhmanlar gurnalan obanyň öňündäki merkezi meýdança gelýärler, ol ýerde festiwalyň açylyş dabarasy boldy.

Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatik korpusyň, ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, meşhur medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň okuwçy ýaşlary we talyplar bu ýere ýygnandylar.

Dabaraly pursat gelip ýetýär. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň göçgünli owazy halkara festiwalynyň açylyş dabarasynyň başlanandygyny habar berýär. Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny örän üns bilen diňlediler.

Döwlet Baştutany «Özgeriş ülkesi — türkmen ýaýlasy» atly II halkara festiwalyna gatnaşyjylary onuň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, bu forum türkmen halkynyň gadymy medeniýetiniň umumydünýä ähmiýetiniň mundan beýläk-de ykrar edilmeginde möhüm orny eýelär, bütin dünýäniň türkmenlerini has-da birleşdirer we ösüp gelýän ýaş nesilde watançylyk, dogruçyllyk, ynsanperwerlik ýaly belent ynsan häsiýetlerini kemala getirmekde aýgytly orny eýelär diýip ynam bildirdi.

Türkmen döwletiniň, türkmen halkynyň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylýan häzirki bagtyýar zamanamyzda atalarymyzyň paýhasy siňen, durmuşymyzyň bezegine öwrülen milli däp-dessurlarymyz, toý-dabaralarymyz türkmen jemgyýetiniň sagdynlygyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Bu gün adamzadyň ahlak-edep ýörelgelerini, ynsanperwerligi, tämiz ruhy, sagdyn ahlagy wagyz edýän milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz buýsanylmaga, taryp edilmäge, dünýä ýaýylmaga mynasypdyr diýip, milletiň Lideri nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň gutlagy bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wise-prezidenti A.Aşyrowa söz berildi, ol dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen doganlarymyzy tüýs ýürekden mübärekläp, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi olaryň üsti bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän parahatçylyk we giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatynyň hakyky wekillerine, dünýä medeni genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan türkmenleriň milli mirasyny wagyz edijilere öwrüldi diýip belledi.

Festiwala gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri ony guraýjylara we onuň myhmanlaryna gutlag sözleri bilen ýüzlendiler. Çykyş edenler daşary ýurtly doganlarymyzyň öz ata-babalarynyň topragynda bolup geçýän ägirt uly özgertmelere tüýs ýürekden çynlakaý gyzyklanma bildirýändikleri barada aýtdylar. Häzirki wagtda döwlet Baştutany tarapyndan ýöredilýän milli galkynyş syýasaty netijesinde etniki türkmenleriň millionlarçasy öz taryhy Watanlary bilen ýakyn aragatnaşygy saklamaga, beýik Galkynyş eýýamynda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine buýsanmaga mümkinçilik aldylar diýip, olar belläp geçdiler. Foruma gatnaşyjylar ata-babalarynyň topragynda bolmaga mümkinçilik döredilendigi üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Watanyň gülläp ösmegine, türkmen halkynyň abadançylygyna we onuň halkara abraýynyň artmagyna gönükdirilen asylly reformatorçylyk işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Uly hyjuw bilen edilen çykyşlar ata Watana söýgi ruhuna ýugrulan şahyrana setirler we ajaýyp aýdymlar bilen utgaşyp gitdi.

Dabaranyň ahyrynda türkmen toýy has uly gerim bilen tutuldy. Myhmansöýer öý eýeleri myhmanlary halylara örtülen göze ýakymly ak öýlere çagyrdylar. Olara tagamly bişirilen milli naharlary hödürlediler. Tomaşaçylara edermen atlylar we pälwanlar jigit oýnunyň ussatlygyny, gujur-gaýraty we çakganlygy görkezdiler. Şatlykly milli oýunlara gatnaşmaga isleg bildirýänler az bolmady. Bu ýerde uly türkmen baýramçylyklarynyň nyşany bolan belent hiňňillikler gurlupdyr.

Bu ýere ýörite getirilen türkmen itleriniň meşhur tohumy bolan alabaýlar, şeýle hem milli awçylygyň üýtgewsiz gatnaşyjylary bolan tazylar we bürgütler festiwala aýdyň bezeg berdi.

Halkara festiwalynyň birinji güni dostluk odunyň başyndaky ajaýyp folklor çykyşy bilen tamamlandy, şonda oňa gatnaşyjylaryň hemmesi çykyş etdiler. Döwrüň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň özboluşly nyşany bolan gadymy «Küştdepdi» halk tansynyň festiwala gatnaşyjylaryň hemmesiniň ýerine ýetirmegi bilen konsert tamamlandy.

Şu gün Dünýä türkmenleriniň Halkara festiwalyna gatnaşyjylara we onuň myhmanlaryna täze ajaýyp duşuşyklar we unudylmaz täsirler garaşýar.
 
< بعد   قبل >
 


 
طراحی و راه اندازی توسط شرکت داده گستر کیمیا - کلیه حقوق سایت متعلق به فرش ترکمنی پایدار می باشد