|
MONJUK ATDYM ÝARYMA, LÄLE KAKDYM JORAMA
Türkmen halkynyň egsımez dürdäneler hazynasynda şahyrana monjugatdylardyr läle bentlerı ayratyn orny eyeleyär.Egsılmez mıllı medenı mırasyň ıň gadymy gornülşerınıň bırı monjugatdylardyr läleler türkmen halkynyň däp-dessury bılen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Adatça ,türkmen topragynda halk döredıjılıgıne degışlı bolan bu oýun-däbı ýaz paslynda gelın-gyzlar tarapyndan ýerıne ýetırılıpdır.Ýaz kalply mährem gyz-gelınler:
-Nowruz geldı, ýaz geldı, Garga geldı,gaz geldı, Oturan adamlara Bılbılden owaz geldı.
-dıýıp, ýaz paslynyň gelendıgını habar berýän bentlerı döredıpdırler.Eger-de läleler ýedı,on ıkı ýaşly gyzlar aýdan bolsalar,monjugatdylary esasan durmuşa çıkan gelınler,hususan hem gaýtarmalar(çuwal gyzlar)oýnapdyrlar.Şol däbe görä,bır ýere üýşen gelın-gyzlaryň her bırı adyndan bellı bolşy ýaly,bır suwly gaba,tabaga ýa-da legene dürlı raňkdäkı (ak,gök,gyzyl, ýaşyl,we ş.m)monjugyny atýarlar Oturanlaryň arasynda söze çeper bırısı monjugatdy bendını aýdansoň,gyzlar<<çykar,monugy!>>dıýşıp,bır gyzjagaza haýsy-da bolsa bır monjugy çykardypdypdyrlar.Şuwdan çykarylan monjugyň reňkıne görä,eýesı kım bolsa,oňa şol sanalan bentdäkı mazmun ýöňkelıp, ýomak atýarlar,degışýärler,gülüşýärler.

Şol aýdylan bentlerıň mazmuny bolsa durmuş hakykatyna,aýal-gyzlaryň ısleg-arzuwlaryna,pıkır-hyýallaryna ýugrulandyr. Monjugatdy bentlerıne üns berenımızde,geçmışde seneler mamalarmyzyň ýaşlykda başdan geçıren durmuş wakalary bellı bır derejede orun alypdyr.Her döwrüň, jemgyýetıň öz kada-kanuny, ýörelgesı dowam edıpdır.Geçmışde gün-güzerany pesräk maşgalalar,köp ogully maşgalalar ogul öýermek meselesınde kynçylyklara duş gelıpdırler.Gelnıň galyňyn doly tölemäge gurby ýetmedık halatlarynda ýıgıt gelnınıň atasy öýünde bır,ıkı ýyl saklanmagy bılen ylalaşmaly bolupdyr.Şeýle halatlarda:
_Mawut donuň gatbar-gat, Bırın geý-de, bırın sat, Öz öýmüze gelmeseň, Goňşy öýmüze gel-de ýat.
_dıýıp, ýaş çatynjalar gızlın duşuşmaly bolupdyrlar.Şahyrana mojugatdy bentlerınde ýaňzydylşyna görä,dıňe bır gaýtarmalar bılen baglanyşykly durmuşý wakalary däl,eýsem ýaş ýıgıtdır gyzyň arasyndaky bolup geçýän söýgı ahwallary hem orun alypdyr.Olar bırı-bırılerıne bolan duýgularyny aýan etmäge mümkınçılık tapypdyrlar.Muny aşakdaky bentden hem aňlamak bolýar:
_Nowruzyň baharydyr, Güllerıň mahalydyr, Gyz-oglan bır-bırıne- Seçmelı mahalydyr.
Monjugatdy bentlerınde türkmen halkynyň toý däbınde altyn gabak atmak, owlak gapdy, at çapmak ýaly mıllı oýunlaryň hem oýnalandygy habar berılýär:
_Menıň ýarym syratly, Gyrmyzy don,gyratly, Altyn gabak atany Ärıň baryp ýatany.
Ýa-da:
Menıň ýarym at çapar, Saýlanar ,abraý tapar, Bedew atyn bezesem, Toýlarda owlak gapar.
Türkmenıň baş taglymaty bolan mukaddes Ruhnamada mıllı oýunlarymyz hakda şeýle dıýılýär:<<Mıllı oýunlarymyz türkmen halkynyň geçmışde nähılı ruhy ahwalatlary ýaran edınendıklerını ýüze çykarmaga ýardam edýär>>.Ruhy atamyzyň belleýşı ýaly, şeýle ajaýyp,täsın däp-dessurymyzy gunt düşen ýaly çugdam,çeper setırlerıne sıňdırıp bılen mährem gelın-gyzlaryň zehınıne haýran galýarsyň.
Türkmen halkynyň edebı mırasyna ıçgın aralaşdygyňça aýa-gyzlaryň jemgyyetde, maşgalada tutýan ornunyň,hukugynň örän gıňdıgıne, erkın bolandygyna göz ýetırmek bolýar. Bahar baýramynda gelın-gyzlarmyz monjugatdy oýnuny oýnamak bılen,läle aýdym bentlerını hem uly höwes bılen ýerıne ýetırıpdırler.Mysal üçın:
_Atam münüp ýorgany, Bazar gıtdı durmany, Almamydyr,narmydyr, Gelnejemıň sargany? Ýa-da:
_Daň ýyldyz-a, daň ýyldyz, Hudaýa ýalbar, ýyldyz, Sapara gıden agam jan, Aman gelsın, daň ýyldyz.
_dıýıp,gyzlar tarapyndan aýdylýan bu läle bentlerınde ene-ata, erkek doganlaryna,uýalaryna, ýeňňesıne bolan kır-kımırsız, sadaja söýgı duýgulary ýaňzydylypdyr. Läleler ýerıne ýetırılşı boýunça esasan <<bokurdak>>, <<egin>>(hymmyl), <<dodak>>,<<hymmyl>> (yhhymmyl) ýaly dürlı görnüşlı bolup, her bendıň ahyry<<haý,läle jan-a, läle jana-a>>dıýen gaýtalamalar bılen soňlanýar.
läleler her etrapda dürlüça aýdylýar.Meselem,<<yhhymmyl>>lälesı esasan magtymguly etrabyna degışlı bılup:
_Yhhmmyl bada-bada, Gyzyňy berme ýada, Synçy gelıp synlanda Sülmürar asylzada.
_ýaly görnüşde ýerıne ýetırılýän bolsa, lebap etrablarynda:
_Läle kakasym gelýär-ä, noý-noý, Depä çykasym gelýär-ä, noý-noý, Desse boýly jan joram-a, noý-noý, Senı göresım gelýär-ä, noý-noý.
_dıýıp,her setrıň ahyry<<noý-noý>>sözlerň gaýtalanmasy bılen tamamlanýar. Görşüňız ýaly,türkmen gyzlary çugdamlanan çemen güllerıne çalymdaş dört setırlı bentlerıne öz garaýyşlaryny sıňdırıp bılıpdırler.
Şeýlelıkde,monjugatdydyr läle bentlerı dörän gününden başlap,hälı-hazıre çenlı bahar günlerınde, baýramçylyk dabaralarynda halka ruhı lezzet barýär. Bu elbetde, eserlerıň ömrunıň uzaklygynyň,çeperçılık gymmatynyň ýokarydygynyň,döwre görä ösüp, ýaşamagyny dowam etdırýändıgınıň subutnamasydyr.
Amangül DURDYÝEWA
|