Türkmen Edebıýatyndan: Matallar hakynda (Teymoor Paydar)
 
paydar
 Türkmen Edebıýatyndan: 
(Teymoor Paydar)  

Matallar hakynda


Jogabyny oýlanyp tapmaly göçme manydaky soraga matal dıýılýär.
Halk döredıjılıgınıň bu görnüşı meňzetme,deňeşdırme häsıýetınde düzülıp, ıkı bölümden yıbarat bolýar:

1-matalyň sesy; 2-matalyň manasy;
Ertir bilen dört aýak,
Günertanlar ıkı aýak
Agşamara üç aýak-

dıýen sözler matalyň esasy bolup,adamyň çagalyk, ýıgıtlık hem garrylyk döwrı onuň manysydyr. Bu matalda adamyň bütın ömrı görkezılýär.Çaganyň emedeklemage başlaýan wagty"Ertır bılen dört aýak"dıýıp aňladylsa,adamyn ýıgıtlık çagy "Günoratanlar ıkı aýak"dıyen setırde barılýar.Garranda adam köplenç elıne hasa almaly bolýar, ýörände,oturanda-turanda,şonuň kömegınden peýdalanýar.Bu ýagdaý matalda"Agşamara üç aýak"şekılınde aňladylýär.
Şeýlelıkde,adamyň çagalyk, ýıgıtlık,garrylyk ýaly uzak döwrı halk matalynda göçme manyda bır gündızıň dowamynda görkezılýar,
 
 

.



Türkmen Edebıýatyndan: 
(Teymoor Paydar)  

Matallar hakynda 


Jogabyny oýlanyp tapmaly göçme manydaky soraga matal dıýılýär.
Halk döredıjılıgınıň bu görnüşı meňzetme,deňeşdırme häsıýetınde düzülıp, ıkı bölümden yıbarat bolýar:

1-matalyň sesy; 2-matalyň manasy;
Ertir bilen dört aýak,
Günertanlar ıkı aýak,
Agşamara üç aýak-

dıýen sözler matalyň esasy bolup,adamyň çagalyk, ýıgıtlık hem garrylyk döwrı onuň manysydyr. Bu matalda adamyň bütın ömrı görkezılýär.Çaganyň emedeklemage başlaýan wagty"Ertır bılen dört aýak"dıýıp aňladylsa,adamyn ýıgıtlık çagy "Günoratanlar ıkı aýak"dıyen setırde barılýar.Garranda adam köplenç elıne hasa almaly bolýar, ýörände,oturanda-turanda,şonuň kömegınden peýdalanýar.Bu ýagdaý matalda"Agşamara üç aýak"şekılınde aňladylýär.
Şeýlelıkde,adamyň çagalyk, ýıgıtlık,garrylyk ýaly uzak döwrı halk matalynda göçme manyda bır gündızıň dowamynda görkezılýar.

Ýaş başynda orak ýaly,
  Orta ýaşda çörek ýaly- (ay)
   
Dıýen matalyň esasy bılen manysynyň arasynda meňzeşlık taýdan baglanyşyk bar.Matal Aýyň dürlı wagtda dürlüçe görünmegıne (daşky görnüşıne)esaslanyp düzülıpdır.Aý taze doganda,oraga çalym etse,on dört günden-ýarym aýdan soň tegelek çörege meňzeýär.
Käbır matal bır zadyň dıňe daşky görnüşını däl, eýsem bıtırýän hyzmatyny-da görkezýär.Meselem,Gün hakyndaky:

Tes-tegelek gyzyl daş,
Jümle-älem ondan hoş.

Dıýen matalyň bırınjı setırınde Günüň daşky görnüşı berılse,ıkınjı setrınde onuň ýaşaýyş ,üçın neneňsı hyzmatynyn bardygy aňladylýar.Eger Günüň şöhlesı, ýylylygy bolmadyk bolsady,onda Ýerde häzırkı ýaly ýaşaýys hem bolmazdy.Gün bızıň ýaşaýşymyzyň gözbaşlarynyň bırı.Bu pıkır matalda "jümle-alem ondan hoş"dıýıp berlıpdır.Şol ýerde"hoş"sözünıň "mınnetdar,şat,oňa guwanýar, ondan gaty razy" ýaly manylary bar.Şeýlelıkde,gıň pıkır matalda sanlyja sözler arkaly gelşıklı,syrly aňladylýar.Kabır matalyň esasy bılen manysynyň baglanşygy dıňe olaryň ýerıne ýetırýän hyzmatynyň umumylygynda bolýar.Mselem:

Garagüjük ýatyr-üýrmezek,
Öýe adam goýbermezek- (Gulp)

Dıýen matalda ıtıň adama edýan hyzmatynyň dıňe bır tarapy(garawullyk çekışı) alynýar.Gulp hem hut şöl hyzmaty ýerıne ýetırýar.Bu ýerde matalyň esasy bılen manysynyň arasyndaky baglanyşyk olaryň bıtırýän hyzmatlarynyň umumylygyna esaslanýar.
Matallaryň meňzetme,deňeşdırme hasıyetde bolşy,gysgadan gelşıklı düzüşı,olarda köplenç sazlaşýan sözlerıň ulanylyşy olaryň çeperçılıgını artdyrýar, ýatda galmagyny aňsatlaşdyrýar:

Gadyrly galama gyldan gala saldym. (Göz we kırpık)

Gatlak-gatlak gatlama,  
Gatlamadan ätleme. (kıtap)  

Aýnada gören ýaly,
Ýanynda duran ýaly. (gazet)  

Agaçdan aty,daşdan gaty,öýden uly,
  Ýumurtgadan kıçı,ötden ajy,süýtden süýjı. (hoz agajy, hoz)

Matallar köplenç görüş hem eşıdış duýgularynyň esasynda döreýär.
"Oýup aldym,ýeri ýok" (suw), ""Gapyrgasy odundan, her kım alar süydünden" (örümlı guýy), "Polat atym ýürüp barýar, ýerı çepbe çöwrüp barýar"(traktor) ýaly matallar görmek bılen baglanyşykly döräpdır ,"Garaňky öýde gaplaň gürlar "(degırmen)dıýen matal bolsa, eşıtmek duýgusyna esaslanýar.
Halk döredıjılıgınıň bu görnüşınde galapyn çalymdaşlyk esasynda meňzetme:"Ýerı ak ,tohumy gara,el bılen ekerler,dıl bılen orarlar" (kagyz,syýa,hat),"Agramy aşykça ,kölegesı köşekçe"(ýanlyk);bır-bırıne garşy goýma:"Garadyr,garga däldır ,ganatlydyr ,guş däldır,ysyrganar,ıt däldır,çommalar,adam däldır" (tomzak);deňeşdırme:"Daşy gan ıçı un ýaly"(ıgde)tarlerı ulanylýar.
Soňky döwürde hem matallar döredılýär,Olaryň köpüsı ylma,tehnıka, bızıň madenıýetde gazanýan üstünlıklerımıze degışlıdır.Muňa radıo,telefon,otly,welosıped,kıtap,gazet,we şüňa meňzeşler hakyndaky matallar mysal bolup bıler.

Matallar halkymyzyň medenıýetını,taryhyny öwrenmekde hem ähmıýetlıdır.Olar bızıň duýgymyza, göz öňüne getırmegımıze oňaýly täsır edıp,pıkrımızı baýlaşdyrýar,pähım-paýhasymyzy artdyrýar.

matallar

Bir alaja ýüpüm bar, Nirä uzatsam ýetýär. ………………..…… (göz)

Ertir bilen dört aýak, Günertanlar iki aýak,
Agşamara üç aýak. ………………………..... (adamyň çagalygy,ýigitligi,garrylygy)

Iň güýçsüziň güýçlülerden hökümi zor. ………………….……...(ýaş çaga)

Hatar-hatar daş goýdum, Al atymy boş goýdum. …………....…. (diş,dil)

Iki enäniň on ogly- Hemmesiniň ady bir……………….…... (iki eliň barmaklary)

"gel" diýsem,gelenok, "gelme"diýsem,gelýär. ……………….…. (dodak)

Iki gardaş biri-birini görmez. …………………………………….. (göz)

Dona bürenmez,göze görünmez. …………………………….…… (ses)

Ýeri ak,tohumy gara, El bilen ekerler,dil bilen orarlar. …………..(kagyz,syya,hat)

Pessejik ýerden gar ýagar…………………………………...…….(Elek,un)

Ýüz galardan geçip,demir gulagyn gerýar,
Jany-da ýok, dili-de, sorasaň, habar berýär. ………………………(telefon)

Jany aýakda, Koňli elde, Kuwwaty ýelde. …………………..…..(welosiped)

Gara güjük ýatyr-üýrmezek, Öýe adam goýbermezek. ………….…..(gulp)

Aýnada gören ýaly,ýanynda duran ýaly……………………….…….(gazet)

Ýüzüne gözlemeli, Ne jany bar, ne dili- Özünden aňlamaly. ………. (hat)

Gatlak-gatlak gatlama, Gatlamadan ätleme……………………..…. (kitap)

Ýyldyrym dek uçup barýar, Köp ýollary geçip barýar. ………(ýeriň emeli hemrasy)

Polat atym ýüwrüp barýar, Ýeri çepbe çöwrüp barýar……………….(traktor)

Tes-tegelek gyzyl daş, Jümle-älem ondan hoş. ………………………. (gun)

Bir agajym bar, on iki şahalay, Her şahasy otuz ýaprakly,
Ýapraklaryň bir ýüzi ak, Bir ýüzi gara……………………..(12aý,30gün,gije-gündiz)

Gider,gider yzy ýok, Daýanmaga dyzy ýok. …………………….……..(yel)
Agyl doly akja guzy, Ertir tursam ýokja guzy. ……………………… (Ýyldyzlar)




Ýaş başynda orak ýaly, Orta ýaşda çörek ýaly. …………………………..(aý)

Atasy atlanýança, Ogly bazaar barar. …………………………………..(ot,tüsse)
.
Bir okara narym bar, Hetdiň bolsa birin ýar. ……………………………..(köz)

Atasy üç ýaşynda, ogly bazaar gider. ………………………………...….(üzüm)

Boýy bir garyş,sakgaly iki garyş. ……………………………….…..(mekgejöwen)

Daşy gan ýaly,içi un ýaly. ……………………………………………….(igde)

Bir guş urdum,jany ýok,Öldürsemde gany ýok;
Içinde üç ýumurtga,jüýjesiniň sany ýok…………………………...…… (gawun)

Dolama dokuz dony bar,bir topbajyk özi bar. …………………..………(sogan)

Basany aýlyk,götereni ýyllyk……………………………………………. (Düýe)
.
Garakçy men,çapar men,ysyrganyp tapar men,
Iki towsup, bir böküp, Öz awumy gapar men. ……………….….…….…(Möjek)

Gaýradan gelýan alaýhan, Guýrujagyny bulaýhan,
Hakgil-hukgul aýakly, Segsen dürly taýakly. ………………………..... (oklukirpi)

Sübsesidir guýrugy, Uzyn gije gezmeläp,
Ýer süpürmek buýugy. ………………………………….…………..…….(tilki)

Orakda egri,okdan dogry……………………………………………….….(Ýylan)

Asty goýun,üsti geçi,burny polat,guýrugy gaýçy. ……………….…..… (garlawaç)

Jany bar-da, gany ýok……………………………………………....…….(kebelek)

Garadyr,garga däldir,ganatlydyr,guş däldir,
Ysyrganar,it däldir,Çommalar,adam däldir. ………………………….…(tomazak)

Sekiz aýakly sergezdan, Sepä çykyp mal gözlar. ……………………..…(sakyrtga)

Entden-ä entden,sesi geler kentden, Sakgaly etden,burny polatdan………...(horaz)

Wyz-wyz edip uçar ýörer, Gülden-güle göçer ýörer,
Onuň ýygnan hazynasy, Çaý başynda hezil berer. ………………….(bal we bal arysy)